Şu günler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ilat arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen geçirilýän çäreler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Garagum etrabynda hem giň gerime eýe bolýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda Garagum etrap häkimliginiň uly mejlisler zalynda «Halk Maslahaty – täze eýýamyň belent maksatlary» ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Garagum etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu çärä ýaşuly nesliň wekilleri, etrabyň çäginde dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar ýaşlar, jemgyýetçilik guramalaryň we syýasy partiýalaryň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda asyrlardan aşyp gelýän ýörelgelerimiziň kämil mekdebi bolan Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti bilen bagly çykyşlara giň orun berildi.
Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden we häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilen taryhy mejlisiň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrülendigi, bu umumymilli forumda dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işlere garalyp, bagtyýar geljegimiz üçin oňyn çözgütleriň kabul edilmegi bilen bir hatarda Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňümizde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Şeýle hem çykyşlaryň her birinde ýurdumyzy ösüşleriň ak ýolundan nurana geljege sary barha öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Sülgün AGAJANOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.