DIL – BAÝLYK

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, «Türkmenistanda daşary ýurt dilleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek, ýaşlaryň dil baýlygyny we olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary goldamak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de «Kämil zehin» hususy kärhanasynyň bilelikde gurnamaklarynda zehin bäsleşigi geçirildi.

     «Dil bilen dünýäni gezer» atly şygar astynda geçirilen zehin bäsleşigine 6 topar gatnaşyp, her toparda 5 okuwçy daşary ýurt dilleri boýunça taýýarlanan zehin soraglaryna jogap bermekde özara bäsleşdiler.

     Bäsleşigiň başynda guramaçylar tarapyndan täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesillere daşary ýurt dilleriniň okadylmagyna döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigi, çünki, kämil ýaşlar ata Watanymyzyň şu günki güýji, ertirki kuwwatydygy barada buýsançly bellenip, bäsleşige gatnaşýan okuwçy ýaşlara şowlulyk arzuw edildi.

     Zehin bäsleşigine gatnaşýan toparlar iňlis dili boýunça taýýarlanan zehin soraglaryna bije çekmek arkaly jogap berdiler. Olar öz zehin we ukyp başarnyklaryny beren jogaplarynyň üsti bilen açyp görkezdiler. Bu bolsa, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerinde we dil baýlygyny kämilleşdirmeklerinde möhüm ähmiýete eýe boldy.

     Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler yglan edildi. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

     Bäsleşigiň ahyrynda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, okamaklary, öwrenmekleri we döretmekleri üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Maksamyrat TÄÇMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 1521 okalan

KITAPDYR YNSANYŇ BAKY HEMRASY

19 Noýabr 2024 | 53 okalan

ÝAŞLAR WE TELEKEÇILIK