TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMYNA BAGYŞLANDY

     Golaýda «Türkmen alabaýynyň baýramy» mynasybetli ösüp gelýän çagalary döredijilige ugrukdyrmak, olaryň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak we surat çekmeklige bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen döredijilik bäsleşigi täsirli boldy. Wekilbazar etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynda geçirilen döredijilik bäsleşigi «Türkmen alabaýy – milli gymmatlygymyz» diýlip atlandyrylyp, oňa şol bakja-bagda terbiýelenýän körpeler ruhubelentlikde gatnaşdylar.

     Baýramçylyk äheňinde geçirilen döredijilik bäsleşiginde körpe nesiller ynsana wepaly dost, ynamdar syrdaş hasaplanýan, özüniň batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan türkmen alabaýynyň ajaýyp şekillerini suratda wasp etmekde bäsleşdiler. Dürli reňkler bilen ýerine ýetirilen suratlara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň hünärmenleridir ady agzalan bakja-bagynyň terbiýeçileri syn edip, mynasyp baha berdiler. Bu bolsa çagalary döredijilige we sungata ugrukdyrmakda möhüm ädim boldy.

     Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň her biri asuda ýurdumyzda körpe nesilleriň döredijilik bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Hajar GARRYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 0 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 24 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 28 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR