TÜRKMEN ALABAÝY – WEPALY DOST

     Şu günler milli senenamamyza laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde aýdym-sazly çäreler, dabaraly maslahatlar we baýramçylyk duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler biziň welaýatymyzda hem giň gerime eýe bolýar.

     Düýn bu baýramçylyga bagyşlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat hem-de etrap Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Halkara «Türkmen alabaý itleri» Assosiasiýasynyň Mary welaýat merkezinde geçirilen baýramçylyk duşuşyk «Türkmen alabaý itleri – edermen goragçy we wepaly dost» diýen şygar bilen geçirilip, onda many-mazmunly çykyşlara orun berildi.

     Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galknyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, ösdürmäge we kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigi, şunuň bilen baglylykda wepalylygy bilen meşhurlyga eýe bolan alabaý itleriniň hem milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy hasaplanýandygy barada çykyş edildi.

     Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, milli senenamamyza laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenilýär. Çünki milli gymmatlyklarymyzyň içinde wepalylygy, hüşgärligi, duýgurlygy we çydamlylygy bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlary gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Türkmen alabaýlary özleriniň aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalyp, tohum itleriň arasynda iň naýbaşysy hasaplanylýar.

     Şeýle hem çykyşlaryň her birinde türkmen alabaýlaryny dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

     Duşuşygyň dowamynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» Assosiasiýasynyň Mary welaýat merkezine gezelenç hem guraldy. Welaýat merkezindäki alabaý itleri çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

 

Mukam SALAROW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 0 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 24 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 28 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR