ÝAŞLAR KITAPHANALARA IŞJEŇ ÇEKILÝÄR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin giň şertleriň döredilmegi babatda taýsyz tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlary kitaphanalara çekmekde we olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarydyr, söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolýar.

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň etrap merkezi kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Kitap bilen açalyň biz dünýäni» diýen şygar bilen geçirilen duşuşyga etrabyň 2-nji orta mekdebinde bilim alýan ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdylar.

     Täsirli geçirilen duşuşykda çykyş edenler şahsyýetiň kämil bolmagyny üpjün edip biljek iň ygtybarly ýoluň kitap okamakdygyny, kitabyň bolsa, bilimleriň binýady bolup, kämilligiň gözbaşydygyny buýsanç bilen bellediler.

     Duşuşygyň dowamynda kitabyň adamyň aňynda kemala gelýän pikirleriniň we durmuş akymynyň arasyndaky arabaglanyşygy sazlamak bilen özboluşly täsir edýän güýçdigi dogrusyndaky çykyşlara aýratyn ähmiýet berildi. Türkmen edebiýaty hem-de ýazyjy şahyrlar bilen bagly özara sorag-jogap alşylmagy, has-da ýakymly boldy.

     Wagyz-nesihat duşuşygyň soňunda eziz Watanymyzy bedew batly ösüşleriň ýoly bilen nurana geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Sülgün AGAJANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 0 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 24 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 28 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR