Golaýda şeýle mazmunly şygar bilen Murgap etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Murgap etrap bölüminiň bilelikde gurnamagynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Maşgala mukaddesligini, gyz-gelin edebini, ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy we milli gymmatlyklarymyzy gelin-gyzlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen guralan duşuşyga ady agzalan guramalaryň wekilleri, kitaphana we medeniýet ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda jemgyýetimizde zenanlara goýulýan sarpa, olar barada alnyp barylýan asylly işleriň ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýandygy dogrusynda giňişleýin bellediler.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda milli mirasymyzy öwrenmek we ony ösdürmek ugrunda möhüm işleriň alnyp barylmagy, sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmaty, şeýle-de, türkmen zenanlarynyň milli gymmatlygy bolan gadymy kürte, tahýa, we beýleki birnäçe el işleri hakynda täsirli gürrüň edildi.
Duşuşygyň ahyrynda zenan mertebesini ähli zatdan belent tutýan, türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Keýik MUHAMMETDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.