Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramagynda etrabynyň orta mekdepleriniň 5—10 synp okuwçy gyzlarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. «Meniň dilim, seniň eliň hünäri nusga bolup galsyn ilden illere» diýen at bilen geçirilen bu bäsleşikde okuwçy gyzlar türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, milli sungatymyzyň aýratynlyklaryny şöhlelendirýän milli el işlerini ýerine ýetirmek boýunça özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Ene-mamalarymyzdan alaja işmek, jorap örmek, keşde gaýamak, haly dokamak, keçe basmak ýaly milli el işleriniň inçe syrlaryny öwrenýän ýaşlar milli sungatymyzyň aýratynlyklaryny hem wasp etdiler. Okuwçy gyzlaryň bäsleşige hödürlän işlerinde halkymyzyň baý geçmiş mirasy, şöhratly taryhymyz, milli däp-dessurlarymyz, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper keşbi öz beýanyny tapdy.
Bagtly çagalygyň ýurdunda we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesinde ýaşaýan bagtyýar ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne paýhasa eýlenen eserlerinden bölekleri hem ýerine ýetirdiler. Şeýle-de çykyşlarda ýurdumyzyň ösüşi, eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, halkymyzyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň döwrebap ähmiýeti, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy wasp edildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Halaç etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň okuwçysy Jahan Jumadurdyýewa I, etrabyň 26-njy orta mekdebiniň okuwçysy Ülker Şöhradowa II, etrabyň 13-nji orta mekdebiniň okuwçysy Uzuk Wepaýewa III baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglanyldylar. Ýene-de bäsleşige işjeň gatnaşan gyzlara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy we olara üstünlikler arzuw edildi.
Ýaraş HAÝYTOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.