Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Kerki etrap medeniýet merkezinde guralan bu söhbetdeşlik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy we «Her jümlesi, her sözi geljegimize rowandyr» diýlip atlandyryldy.
Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligiň çäginde guralan medeni çärä «Zenan kalby» žurnalynyň öz habarçysy Keýik Umarowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa, Kerki etrap medeniýet bölüminiň direktory Ogulkeýik Penjiýewa, etrabyň 1-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýgül Rahmanowa, Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Selbi Ýazjumaýewa, Kerki etrabynyň hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallymy Rozygül Haýtlyýewa gatnaşdy. Söhbetdeşlikde edilen çykyşlarda dana akyldaryň baý edebi mirasyna, giň we köpugurly döredijiligine ýüzlenildi. Şeýle-de bu çäräniň dowamynda şahyryň umumadamzat gymmatlygyna deňelýän goşgularynyň labyzly okalmagy has-da täsirli boldy. Edilen täsirli çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň ýubileý toýuny dünýä derejesinde baýram etmek ugrunda durmuşa geçirilýän döwlet we halkara derejeli çäreler dogrusynda nygtaldy. Çykyşlarda milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda giň başlangyçlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.
Oýdin AŞIROWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.