Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Meniň dilim, seniň eliň hünäri nusga bolup galsyn ilden-illere» atly bäsleşigiň Saýat etrap tapgyry geçirildi. Etrabyň 20-nji orta mekdebinde geçirilen bu döredijilik bäsleşiginde okuwçy gyzlar türkmen gyzlaryna mahsus bolan milli lybaslaryny geýip, berlen şertler boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.
Olar milli gymmatlyklarymyzy, şaý-seplerimizi aýdymdyr sazlaryň, çeper okaýyşlaryň üsti bilen wasp etdiler. Şeýle-de gyzlar läleleriň hem-de gazallaryň üsti bilen ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar döwrümizi hem-de owadan ýurdumyzy taryp etdiler. Soňra bäsdeşler gopuz we dutar saz gurallarynda saz çalmak boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň jemleýji şertinde gyzlar ene-mamalarymyzdan biziň günlerimize ýetip gelen el işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.
Bäsleşikde Saýat etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Aýnur Nazarowa I orna, 20-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Leýli Jeýhunowa II orna mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Saýat etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Gülruh Öwezgeldiýewa we 57-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Şemşat Mämmetgulyýewa III orna mynasyp boldular.
Ýeňiş gazanan we işjeň çykyş eden okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.
Ogulnäz NEPESOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.