Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň dabaralanýan döwrüdir. Bagtdan paýly ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çünki ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ruhy-ahlak taýdan kämil bolmagy, jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşleriniň kepili bolup durýar.
Ýakynda Dänew etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň etrabyň syýasy partiýalary bilen bilelikde guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarly watançy ýaşlar – ýurduň beýik ykbaly» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga kümüş saçly eneler, hormatly ýaşulular, medeni we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan öňdebaryjy, zähmetsöýer ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyş edenler häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde pederlerimiziň asyrlarboýy sünnäläp biziň günlerimize çenli ýetiren kämil terbiýesine eýerýän watansöýüji ýaşlaryň kemala gelýändigini buýsanç bilen bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, Watana, il-halka wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Maýa BEŞIMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.