Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmäge hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyr Magtymguly Pyraga goýulýan sylag-sarpany ýaşlar köpçüligine ýetirmäge bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten, Garagum we Murgap etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik täsirli çykyşlara baý boldy.
Söhbetdeşlikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşini ýokary derejelere çykarmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy, şeýle işleriň bagtyýar ýaşlaryň kalplaryny ruhubelentlik duýgusyna besleýändigi buýsanç bilen bellenildi.
Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde toýlanylýandygyna hem aýratyn üns çekildi. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly, ýaşlara miras galdyran döredijiligi baradaky buýsançly söhbet çykyşlaryň içinden eriş - argaç bolup geçdi.
Çykyşlaryň her birinde ata Watanymyzy ösüşleriň ak ýolundan barha öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Jennet ORAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.