KITAP – DÜNÝÄNIŇ AÇARY

     Ýakynda Mary welaýat Kitaphanasynda «Kitap – dünýäniň açary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahaty ýerli medeniýet we bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Mary welaýat Geňeşi gurady.

     Ösüp barýan ýaş nesliň bilim çeşmesi we möhüm terbiýe serişdesi hökmünde kitaba bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen bu çärä Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary,mekdep okuwçylary, şäherdäki dürli edara kärhanalaryň ýaş hünärmenleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi, ýaşlaryň özleri hakynda edilýän aladalary her ädimde duýup ýaşaýandygy barada buýsançly söhbet etdiler.  Türkmenistanda hemme taraplaýyn ösen ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, bilimini kämilleşdirmek, ýaşlaryň ukyplaryny başarnyklaryna we zehinini ýüze çykarmak üçin zerur bolan ähli şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn iş barada gürrüň etdiler. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, öwrenmek, täze bilimlere eýe bolmak, bu häzirki döwrüň talabydyr, bu işde kitabyň orny uludygy bellenip geçildi.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Maksat BÄŞIMOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

KITAPDYR YNSANYŇ BAKY HEMRASY

19 Noýabr 2024 | 41 okalan

ÝAŞLAR WE TELEKEÇILIK

18 Noýabr 2024 | 97 okalan

GEZELENÇ GURALDY