Ata Watanymyzyň mukaddesligi, bagtyýar ýaşlarymyzyň abraý-mertebesi barada söz açanymyzda, türkmen ýaşlarynyň kalbynyň iň gözel duýgulary, joşgunly owazlary bilen sazlaşyp, adaty sözlemler ajaýyp jümlelere öwrülýär. Çünki, bir-birine utgaşykly gelýän «Watan» we «Ýaşlar» düşünjesi biziň durmuşymyzyň özeni, ýaşaýşymyzyň asyl manysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän uly aladalary bolsa, belent maksatlarymyza joşgun, yhlasymyza ganatly ylham berýär. Şunuň bilen baglylykda, Watan mukaddesligi üçin berjaý edilýän işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri biz ýaşlaryň durmuşyna aýratyn röwüş çaýýar. Türkmen ýaşlarymyzyň joşgunly hyjuwy, ata Watanyna bolan beýik söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä bolan sarpasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ beýik ynsanperwer işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapýar.
Kalbyňda eziz Watana, ýurt Baştutanyňa, Arkadagyňa bolan beýik söýgi möwç alýarka, neneň yhlasly okamajak, döretmejek, gurmajak? Ýurduň geljegine deňelýän ýaşlaryň abraý-mertebesini belentliklere ýetiren, ak ertirlerimize giň ýol açan hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşip işlemekligiň, halal zähmet çekmekligiň özünde uly güýç bar. Şeýle ajaýyplyklardan ruhlanýan türkmen ýaşlarynyň her bir güni toýdur baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär.
Ýaşlar syýasatynyň üstünlikli dabaralanýan ýyly bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan eden Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bagty maňa hem nesip etdi. Bu bolsa, geljekde hem ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrar. Men hem şu ajaýyp pursatda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Häzirki wagtda «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar» diýen ajaýyp sözlerini baş ýörelge edinip, geljekde hem yhlasly we döredijilikli zähmet çekjekdigime ynandyrýaryn.
Goý geljegimizi ýaşlaryň ykbalynda görýän Gahryman Arkadagymyzyň, ýaşlarymyzy Watanymyzyň daýanjy hasaplaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.