Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de Sakarçäge etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň bilelikde guramagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» atly gezelenç çäresi geçirildi.
Gezelenjiň dowamynda türkmen halk ertekileri janlandyryp, olaryň dowamynda beýan edilýän wakalar gyzykly häsiýete eýe boldy. Edep-terbiýe öwrediji, çagalara mähirliligi, ýagşylygy ündeýän gyzykly sahnalar bagtyýar körpeler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Erteki gahrymanlaryň ýerine ýetiren gahrymançylykly hereketleri körpe nesliň wekillerinde uly täsirleri galdyrdy. Bu günki gezelenjiň täsirleri çagalaryň ýagty ýüzlerini hasda begençli duýgulara besledi. Çünki bu oýunlar arkaly körpejelere sadalyk, mylaýymlyk, güler ýüzlilik ýaly edep kadalary ýönekeýje sözleriň, henekleriň üsti bilen ündeldi. Bu bolsa çagalaryň geljekki durmuş ýolunda gerek boljak gylyk-häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin möhümdir.
Gyzykly geçen gezelenjiň her bir pursatynda çagalaryň diýseň uly bilesigelijiligine şaýat bolan terbiýeçiler olaryň beren soraglaryny giňişleýin jogaplaryň üsti bilen kanagatlandyrdylar. Şeýle sahnalar çagalaryň dünýäsine täsin başdan geçirmeleri bagyş etmek bilen olaryň pikirleniş örüsiniň has-da giňemegine, akyl ýetiriş ukyplarynyň çuňlaşmagyna uly şertleri döredýär.
Dabaraly geçen gezelenjiň ahyrynda bagtyýar körpeler we terbiýeçiler ýurdumyzda çagalaryň ajaýyp geljegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Seradrymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Mähri JUMAGULYÝEWA,
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky
4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi
TMÝG-nyň işjeň agzasy.