Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti bilen bilelikde «Ýaşlar we telekeçilik» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Çykyşlarda ýurdumyzda telekeçilik pudagynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek meselesine aýratyn üns berilýändigi, döwlet tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatyň netijesinde, hususyýetçiligiň we telekeçiligiň ösüşli döwri başdan geçirýändigi, dogrusynda aýdyldy.
Çykyş edenler «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alnyp, ýerlerde ýaşlary telekeçilik işine çekmekde geçirilýän çäreleriň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar özleri üçin edilýän uly aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Göwher KAKAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.