PARAHATÇYLYK ÇAGALARYŇ SESI

     “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ulydan bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de “Güneş” žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-12-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda “Parahatçylyk çagalaryň sesi” ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr. Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy zamanada ýurdumyzyň ösüşi, parahatsöýüjilik ýörelgeler, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, baky Bitaraplygymyzyň (maket görnüşi), “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper keşbi wasp edilmeli, “Dünýä dursun parahat!” diýen temada düzme ýazmak şertleri boýunça mekdep okuwçylar bäsleşdiler. Gyzgalaňly geçirilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda “Dünýä dursun parahat!” diýen temada düzme ýazmak boýunça I orna Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Zeýnep Ýazmyradowa, II orna Türkmenbaşy şäherindäki 8-nji orta mekdebiň okuwçysy Läle Taganowa, III orna Balkanabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Zübeýda Mämmetaliýewa dagylar ýeňiji boldular. Bäsleşigiň parahatçylygy wasp etmekde maket ýasamak boýunça I orna Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Nuraman Möwlamberdiýew, II orna Türkmenbaşy şäherindäki 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Maral Aşyrowa, III orna Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň okuwçysy Güýçgeldi Amanow dagylar ýeňiji bolmany başardylar. Döredijilik bäsleşiginiň surat eserleri çekmek boýunça I orna Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Leýli Seýitnazarowa, II orna Balkanabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülşat Gyýadowa, III orna Türkmenbaşy şäherindäki 8-nji orta mekdebiň okuwçysy Arzygül Täçgulyýewa dagylar ýeňiji bolmagy başardylar. Ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 28 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

18 Noýabr 2024 | 26 okalan

HÖWESJEŇLER BÄSLEŞDILER