WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYKLARY GEÇIRILÝÄR

     Golaýda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 5-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň şäher bilim bölümi, şäher polisiýa bölümi bilen bilelikde guramagynda mekdep okuwçylaryň arasynda ýaş nesilleriň sagdyn ruhly, berk bedenli, päk ahlakly, maksada okgunly ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, sagdyn-durmuş ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaşlarymyzyň watansöýüji, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar hakynda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Aýperi ATAHALLYÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 72 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 64 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 49 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT