Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň we etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda parahatçylygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalaryny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, ‹‹Ýylymyzyň şygary ak ýollara badalga›› ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan çykan “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusynyň parahatçylygy ösdürmegiň ugrunda kämil ruhy güýç bolup durýandygy dogrusynda buýsanç bilen bellediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagy, ugrunda beýik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ähli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.