‹‹TEGELEK STOLUŇ›› BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher, Türkmenbaşy, Esenguly, Bereket etrap Geňeşleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Tükmenbaşy Halkara deňiz portundaky ‹‹Ýolagçy parom›› terminalynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, dostlukly gatnaşyklar, şeýle hem ýaşlar barada edilýän uly aladalar dogrusynda ‹‹tegelek stoluň›› başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygyny, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň “BRIСS” sammitine gatnaşmak üçin Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary dogrusyndaky buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlaryň her birinde ýaşlar syýasatynyň barha ýaýbaňlandyrylýandygy, ýaşlar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hasaplanýandygy dogrusynda beýan edildi.

     Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň ösüşini, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny, ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegini hemişe üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimize ýürekden çykýan alkyşly sözleri beýan edildi.

 

Abat MÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar