BERKARAR DÖWLETDE BAGTYÝAR ÇAGALYK

     Lebap welaýat kitaphanasynda çagalar bilen bu döwrebap kitaphana gezelenç we şadyýan şüweleň guraldy. Oňa Türkmenabat şäherindäki çagalar baglarynyň körpeleri we başlangyç synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

     Bu täsirli çäräniň dowamynda kitaphanaçylar bagtyýar körpeleri kitaphananyň çagalar otagynda döredilen mümkinçilikler bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Soňra bagtyýar nesiller bilen dürli oýunlar we bäsleşikler guraldy. Görkezilen gurjak oýunlary we sahnalaşdyrylan ertekiler çagalarda uly täsir galdyrdy. Kitaphanaçylar öz gezeginde körpeleri kitaphanada çagalar üçin niýetlenen kitaplar, neşirler, ertekili kitaplar bilen tanyşdyrdylar we kitap okamaklygyň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.

     Geçirilen çäreler ýaşlarda kitaba söýgi döretmekde, olaryň okuwa gyzyklanmasyny artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Soňra bu günki çärä gatnaşyjy körpelere TMÝG-niň Lebap welaýat geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Aýjahan MOLLAÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 35 okalan

TÜRKMENISTAN – DOST-DOGANLYK MEKANY

13 Awgust 2025 | 28 okalan

“MAŞGALAM-BAŞ GALAM”

12 Awgust 2025 | 157 okalan

MAŞGALAM-BAŞ GALAM