DÖREDIJILIKLI ÝAŞLAR KEMALA GELÝÄR

     Dänew etrap Medeniýet öýünde «Merdana nesil—2024» atly döredijilik bäsleşiginiň etrap tapgyryny geçirdik. Oňa etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan, döredijilik bilen meşgullanýan, türkmeniň aýdym-saz sungatyny dowam etdirýän okuwçy oglanlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Olar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan beýik söýgini, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri öz çykyşlarynyň üsti bilen beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýaşlaryň ýürek buýsanjy, bagtyýar döwrümize guwanjy bolup ýaňlandy.

     Okuwçy oglanlaryň çykyşlarynda halkymyzyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyza eýermegiň ähmiýeti, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň döwrebap keşbi, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça etrabyň 24-nji orta mekdebiniň okuwçysy Perman Gaýgysyzow birinji, 9-njy orta mekdebiň okuwçysy Şamuhammet Orazow ikinji orunlary eýelediler. Etrabyň 11-nji orta mekdebiniň okuwçysy Meýlis Töräýew, 16-njy orta mekdebiniň okuwçysy Begmyrat Ýusupow, 18-nji orta mekdebiniň okuwçysy Begenç Daýanjow dagylar üçünji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy we olara geljekde-de üstünlikler arzuw edildi.

 

Rahmet BEŞIMOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 12 okalan

MERDANA NESIL — 2024

26 Noýabr 2024 | 9 okalan

BILIMLI ÝAŞLAR — ÝURDUŇ GELJEGI

26 Noýabr 2024 | 8 okalan

DÖREDIJILIKLI ÝAŞLAR KEMALA GELÝÄR