Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň Kerki etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabymyzyň orta mekdeplerinde okaýan 12-nji synp okuwçylaryň arasynda «Bilimli ýaşlar — ýurduň geljegi» atly bäsleşik geçirildi. Kerki etrabynyň «Kämil bilim» okuw merkezinde geçirilen bäsleşik toparlaýyn esasda geçirilip, oňa gatnaşan okuwçylar mekdep dersleri boýunça degişli sowalnamalara jogap berdiler. Soňra okuwçylaryň beren jogaplaryna görä, bilimlerine baha berildi we ýeňijiler kesgitlenildi.
Bäsleşikde Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebiniň okuwçylar topary iň ýokary netijäni görkezip, birinji orny eýeledi. Etrabyň 20-nji orta mekdebiniň okuwçylar topary ikinji we 14-nji orta mekdebiň okuwçylar topary üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýle hem bäsleşikde 24-nji orta mekdebiniň we 17-nji orta mekdebiniň okuwçylar toparlary höweslendiriji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.