Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bäşmüňýyllyk taryhy bolan halkymyzyň şöhratly geçmişinden söz açýan, medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny subut edýän taryhy ýerleri we medeni ojaklary öwrenmek, olaryň taryhyny halkyň arasynda wagyz etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Biziň welaýatymyzda hem şeýle taryhy ojaklaryň birnäçesi ýerleşýär. Ýurdumyzyň ýaşlaryny milli mirasymyza, medeniýetimize hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen biz hem ýaşlar bilen welaýatymyzyň çägindäki taryhy we medeni ojaklara ýygy-ýygydan gezelençleri guraýarys. Şeýle gezelençleriň birini golaýda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri bilen hem guradyk. Ýagny welaýatymyzda bilim alýan talyp ýaşlar bilen Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Amul galasyna ‹‹Milli miras — terbiýäniň özeni›› diýen at bilen guralan gezelenç diýseň täsirli boldy.
Ýaşlaryň ata-babalarymyzdan galan milli däp-dessurlarymyza eýermeklerini gazanmak, olaryň şöhratly geçmişimize bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen bu gezelenjiň dowamynda Amul galasynyň taryhy, bu medeni ojakda tapylan gadymy tapyndylar bilen baglanyşykly täsirli gürrüňler diňlenildi. Muzeýiň işgärleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyzyň medeni ojaklaryny ylmy taýdan öwrenmek, olaryň ähmiýetini tutuş dünýäde wagyz etmek ugrunda häzirki wagtda alnyp barylýan giň gerimli işler barada giňişleýin söhbet etdiler.
Bagtyýar ýaşlar halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge, olary gorap saklamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.
Laçyn Akyýewa,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.