Dänew etrap Medeniýet öýünde «Garaşsyz Diýarda joşgunly ýaşlar—2024» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan okuwçy oglan-gyzlar öz başarnyklaryna görä milli saz gurallarynda saz çalyp, nusgawy şahyrlarymyzyň watançylyk, dost-doganlyk, erkanalyk mowzuklarynda ýazan goşgularyna döredilen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Saz gurallarynyň taryhy baradaky çykyşlar bäsleşige gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de ýaşlar Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesiller üçin döredilýän giň mümkinçilikleri edebi sazly kompozisiýalaryň üsti bilen wasp edip, özleriniň ukyplaryny, zehinlerini görkezdiler. Okuwçy oglan-gyzlaryň ýerine ýetiren aýdymlarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşi, eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen belent sepgitler, halkymyzyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň döwrebap ähmiýeti, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy wasp edildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdepden Gülnabat Wepaýewa birinji, Dänew etrabyndaky 16-njy orta mekdepden Jümägül Öwezdurdyýewa ikinji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýle-de etrabyň 42-nji orta mekdebinden Kakamyrat Öwezow, 27-nji orta mekdepden Mergen Eminow we 10-njy orta mekdepden Hudaýberen Ziýadullaýew dagylar üçünji baýrakly orny eýelediler. Ýeňiji bolan okuwçy oglan-gyzlara TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Melike ROZYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.