Her bir şanly senäni, toýdur dabarany ýokary ruhubelentlikde bellemek halkymyzda asylly däbe öwrüldi. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli çäreler giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri-de, Balkanabat şäherindäki «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgünde geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de Balkanabat şäherindäki ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen aýdym-sazly çäre «At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan» diýlip atlandyryldy.
Baýramçylyk çäresinde buýsançly söhbetlere we aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň bagtly, rahat we bolelin durmuşda ýaşamaklygy üçin döredilýän mümkinçilikler, döwrebap şertler, şeýle-de ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni dogrusynda giňişleýin beýan edildi. Ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlardyr tanslarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýetilen belent sepgitler tüýs ýürekden wasp edildi.
Rejepmämmet GAÝYPOW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.