NEBITGAZ SENAGATY WE GEOLOGIÝA IŞGÄRLERINIŇ HÜNÄR BAÝRAMÇYLYGYNA BAGYŞLANDY

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitim bar, gazym bar, dünýä içre şanym bar» ady bilen baýramçylyk maslahaty geçirildi. Bu maslahata Arkadag şäherinde zähmet çekýän ýaş öňdebaryjy nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleri ruhubelentlikde gatnaşdylar.

     Baý mazmunly, buýsançly çykyşlara beslenen bu çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan hünär baýramçylygy mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen çäräni Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bagtyýar talyp ýaşlary aýdym-sazly çykyşlary bilen bezediler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Fewral 2025 | 48 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

27 Fewral 2025 | 49 okalan

DÖWLETLI IŞLER ROWAÇLANÝAR