DÖWLETIMIZIŇ ÜSTÜNLIKLERI DÜNÝÄDE YKRAR EDILÝÄR

     Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa şäheriň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärler, bilim alýan ýaşlar we myhmanlar gatnaşdylar.

     Maslahatda çykyşlara giň orun berlip, olarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininden binýat bolan Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçilikleri, sebitde ilkinji «akylly» şäher diýen ykrarnama eýe bolan şäherde ýaşaýjylaryň ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamaklary, dünýäniň soňky gazananlary ornaşdyrylan edara-kärhanalarynda zähmet çekmekleri, ekologiýa taýdan arassa seýilgählerde medeniýetli dynç almaklary üçin döredilen şertler dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.

     Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň biridir. Şäheriň dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara güwänamalara we diplomlara mynasyp bolmagy ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine we dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini görkezýär. Arkadag şäheriniň ulanmaga berlen ilkinji gününde halkara sylaglaryň 21-sine, şeýle hem şu ýyl Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide üç sany baýraga, şol sanda iň tapawutlanan «akylly» şäher hökmünde baş baýraga mynasyp boldy. Bu baýraklar, ilkinji nobatda, «ýaşyl» ösüş strategiýasyna laýyk gelýän sazlaşykly elektron şäher düzümi üçin berildi.

     Arkadag şäheriniň 2024-nji ýyl üçin Ýewropanyň hil boýunça baýragyna mynasyp bolmagy bolsa, ähli ýokary görkezijileri özünde jemleýän bu şäheriň dünýäde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

     Maslahatda çykyş edenler şeýle kämil eseri — Arkadag şäherini gurduryp, halkymyzyň hyzmatyna beren Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

     Buýsançly çykyşlardan soňra Arkadag şäheriniň medeniýet-sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary hoşallyk maslahatynyň şowhununy has-da artdyrdy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 35 okalan

«KITAP – GYMMATLY HAZYNA»

28 Ýanwar 2025 | 63 okalan

ULY ÝEŇIŞLER DOGRUSYNDA