Düýn Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda üstünlikli tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet derejesinde ýetilen sepgitleri, Arkadag şäheriniň döwrebap ösüşlerini, gazanýan üstünliklerini wagyz etmek maksady bilen «Arkadag şäheri – döwrebap ösüşleriň şäheri» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Ýazgynyň dowamynda ýerine ýetirilen çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ynsanperwerlige ýugrulan döwlet syýasaty netijesinde döwrümiziň ussat binagäri Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan Arkadag şäheriniň gazanan üstünlikleri, aýratyn-da «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «smart-siti» şähergurluşyk konsepsiýasynyň ýokary talaplary esasynda bina edilen şäheriň döwrebap mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp, Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide üç sany baýraga, şol sanda iň tapawutlanan «akylly» şäher hökmünde baş baýraga mynasyp bolmagy hem-de ýakynda Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy babatynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem şol günlerde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy bilen tassyklanylmagy mynasybetli buýsançly gürrüňleri etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.