Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatynyň miwesi bolan, dünýä nusgalyk Arkadag şäheri türkmen ykbalynyň galkynmasy boldy. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde geçmişden gözbaş alyp, geljegi nazarlap gurlan bu şäher Gahryman Arkadagymyzyň kämil sungat eseridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamlar üçin, aýratyn-da Watanymyzyň daýanjyna deňelýän ýaş nesiller üçin has amatly durmuş şertlerini döretmek tutuş döwlet syýasatynyň esasyny düzýän ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda olaryň bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, göwnejaý dynç almagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Özleri hakynda edilýän aladany duýýan ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Muny ýaşlarymyzyň gazanýan üstünliklerinde has-da aýdyň göz ýetirýäris. Olar okamak, öwrenmek, ylym bilen meşgullanmak arkaly özleriniň ukyp-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler we uly üstünliklere, ýokary görkezijilere ýetýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlar guramasynyň wezipesi syýasy taýdan sowatly, raýat garaýşy bolan, öz jogapkärçiligini duýýan ýaş raýatlary, täzeçe pikirlenýän, ýaramaz endikleri bolmadyk, diňe öz bähbitlerini aramaýan, durmuşa diňe sarp ediji hökmünde garamaýan, zähmetsöýer we geljege uly ynamy bolan, beden we ruhy taýdan sagdyn, hakyky watançylary terbiýelemekdir!» diýen dürdäne sözlerini belent maksat edinip, ýurdumyzyň ýaş nesillerini türkmençiligiň beýik häsiýetlerini özünde jemleýän watançy nesiller hökmünde kemala getirmekde, ýiti zehinli, giň dünýägaraýyşly, kalplary Watana, mähriban halkymyza egsilmez söýgüden püre-pür ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan degişli işler guramaçylykly durmuşa geçirilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu işler göwnejaý alnyp baryldy. Bu taryhy üstünliklere beslenen ýylymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan hem şäheriň çäginde ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakda, ýaşlaryň mümkinçiliklerini ösdürmekde, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işlere ýaşlary işjeň çekmekde maksatnamalaýyn işler alnyp baryldy. Şeýle hem ýaş nesilleriň ukyp-başarnygyny açyp görkezmekde, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda we olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmakda gurama tarapyndan çäreler guramaçylykly geçirildi. Mysal hökmünde ýüzlenenimizde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edildi.
14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda yglan edilen bäsleşige Arkadag şäheriniň çäginde hereket edýän orta mekdeplerde, çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan, çagalar baglarynda terbiýelenýän, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar we üstünlik gazandylar.
Şeýle çäreleriň biri-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli yglan edilýän Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, ýurdumyz boýunça 135 sany ýaşlar bu hormatly ada eýe boldylar. Ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerinden ylhamlanýan we döredijilikli zähmet çekýän, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere saldamly goşant goşýan ýaşlaryň hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada eýe bolmagy has-da buýsandyryjydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Her bir döwletiň beýikligi onuň ukyply nesilleri ösdürip ýetişdirmegi arkaly kesgitlenilýär» diýip berýän gymmatly öwüdi esasynda ata-babalarymyzyň çagalary aýratyn üns we alada bilen gurşap almak bilen bagly ajaýyp däpleri Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilýär. Şundan ugur alyp, her ýylda geçirilmegi asylly ýörelgä öwrülen Gulbaba adyndaky çagalar baýragy, «Merdana nesil – 2024» we «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» şadyýan bäsleşikleri hem ýokary guramaçylykly geçirilip, şäherimiziň çäginde hereket edýän umumybilim berýän orta mekdeplerden bagtyýar körpeler üstünlikli çykyş etdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» diýip belleýär. Şundan ugur alyp, guramamyz tarapyndan türkmeniň beýik häsiýetlerini, asyllylyk, ynsaplylyk, ýokary ahlaklylyk, watansöýüjilik, halallyk, mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly adamkärçilik sypatlaryny döredijiliginde ussatlarça beýan eden beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaş nesillere öwretmek maksady bilen döredijilik duşuşyklary, ylmy we amaly maslahatlary, wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirildi. Geçirilen bu çäreler milli ruhly nesilleri terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýe boldy.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde «Ösüş, özgeriş, galkynyş, döredijilikli çemeleşmeler — döwrümize, döwletimize mahsus aýratynlyk. Bu zamana taryha siňen ebedi ýazgylarda, ezeli wakalarda, arzuwly ertekilerde ýatlanylýan, arzuwlaryň hasyl bolýan we bagtly döwrany Hakdan berlen, gowy geljegi öňünden buşlanylan döwürdir» diýip belleýär.
Şeýle ajaýyp döwürde Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, ýaşlary Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna laýyk terbiýelemekde bitirýän ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Mekan AMANLYÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygy.