TÄZE ÝYLYŇ ŞANYNA

     Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň bagtyýar talyplary, edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

     Täze ýyl öwüşginleri bilen bezelen sahnadaky şowhunly aýdym-sazly çykyşlar toý saçagynyň başyndaky buýsançly söhbetler bilen sazlaşdy. Täze ýyl baýramynyň bezegi bolan Aýaz babadyr Garpamyk hem bu dabaranyň bezegini artdyrdy. Turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslenen dabara oňa gatnaşyjylaryň her birinde ýakymly täsirleri galdyrdy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 35 okalan

«KITAP – GYMMATLY HAZYNA»

28 Ýanwar 2025 | 63 okalan

ULY ÝEŇIŞLER DOGRUSYNDA