DÖWLETLI IŞLERIŇ SÖHBETI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly iň täze taryhy üstünlikleri bilen jemlenip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» uly ruhubelentlik bilen garşylandy.

2024-nji ýyl eziz Diýarymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan taryhy ýyllaryň biri boldy. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy. Ýeri gelende bellesek Arkadag şäheri uly abraýly derejelere «smart-siti» şähergurluşyk konsepsiýasynyň ýokary talaplary esasynda bina edilen şäheriň döwrebap mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp, Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide üç sany baýraga, şol sanda iň tapawutlanan «akylly» şäher hökmünde baş baýraga mynasyp boldy.

Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp boldy.

Şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy bilen tassyklanylmagy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ady ýylyň şygaryna öwrülen Magtymgulynyň baý mazmunly mirasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaby bolsa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Şanly ýylyň jemlenmegi bilen bagly çykan bu eserde beýik söz ussadynyň edebi mirasy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreler giňden beýan edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynamyň — ynanyşmagyň esasynda gazanylýan parahatçylyk arkaly maksatlar myrat tapýar, adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin tagallalar birleşdirilýär. Şu jähetden, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwletli işleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty halk köpçüligine ýetirmek hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda baý mazmunly täsirli gürrüňler edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 35 okalan

«KITAP – GYMMATLY HAZYNA»

28 Ýanwar 2025 | 63 okalan

ULY ÝEŇIŞLER DOGRUSYNDA