Düýn Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda «Bilim – kämilligiň binýady» ady bilen Arkadag şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda ýanwar maslahaty geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde geçirilen bu maslahata şäheriň jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.
Maslahatda ýerine ýetirilen baý mazmunly çykyşlarda bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini gowulandyrmak, geljegimiz bolan bagtyýar çagalary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek babatdaky möhüm wezipelere üns berildi. Ýaş nesliň sowatly, arassa ahlakly bolup ýetişmegi ugrunda gurulýan bilim ojaklarynyň, şeýle-de olarda zähmet çekýän bilim işgärleriniň iş tejribesiniň ähmiýeti buýsanç bilen bellenildi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.