Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýetini wagyz etmek, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze neşiri — «Magtymguly — dünýäniň akyldary» kitabynyň gymmatyny ýaşlara giňişleýin düşündirmek maksady bilen «Ýaşlar — şu günüň we geljegiň eýeleri» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde geçirilen bu duşuşyga mekdebiň bagtyýar talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahat baý mazmunly çykyşlara, täsirli söhbetlere eýe boldy. Olarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynamyň — ynanyşmagyň esasynda gazanylýan parahatçylyk arkaly maksatlar myrat tapýar, adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin tagallalar birleşdirilýär. Şu jähetden, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi çuňňur mana eýedir.
Magtymgulynyň baý mazmunly mirasy bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby — «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly eseri Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini, döredijiligini we beýik ýoluny öwrenmekde bahasyz gollanmadyr.
Mahlasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleri, ajaýyp eserleri, Bitaraplygyň türkmen nusgasy, türkmeniň beýik ägirdi Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligi baradaky buýsançly söhbetler maslahat duşuşygyna gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Mämmedaly ORAZALIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň esasy hünärmeni.