Gadyrly okyjym! Indi halkymyzyň ynançlary, ýol-ýörelgesi, däp-dessurlary bilen baglylykda tutýan beýleki käbir toýlary barada hem gürrüň bereýin.
Galpak toýy (ýa-da saç toýy) hem türkmeniň milli toýlarynyň biridir. Pygamberimiz Muhammet aleýhyssalam her bir täze doglan çaganyň saçy ilkinji gezek syrylanda, onuň agramyna görä kümüş ýa-da şonça kümşüň bahasyny garyp-gasarlara bermegi tabşyrypdyr. Çaga bir ýaşyna ýeteninden soň, onuň çile saçy syrylyp, galpak toýy toýlanýar. Ýaş çaganyň durmuşynda dabaraly wakalaryň biri bolan galpak toýy türkmenlerde ir zamanlardan bäri tutulýar. Çile saçy çaganyň doglandaky saçydyr. Ol ýüpek ýaly ýumşak, mymyk hem näzik bolýar. Halk arasynda çile saçy agyr hasaplanýar, çagany etikdirmeýär, horlaýar diýlip düşünilýär.
Däbe görä, çaganyň çile saçy daýysyna syrdyrylýar ýa-da päki degirdilýär. Ejesiniň süýtdeş agalarydyr inileri çaganyň daýysy hasaplanýar. Olar edil aýal doganlaryny eziz görüşleri ýaly: «Ýegen uja ýa:gy, ýa:gam bolsa gowy» diýip, ýegenlerini özlerine ýakyn saýyp, eziz görýärler. Ýaşyna ýeten çaganyň çile saçyny syrmagyň daýysyna ynanylmagy şu süýjüje garyndaşlyk gatnaşyklarynyň netijesidir. Ýegeniniň saçyny syran daýysy onuň eline gutluk hökmünde pul gysdyrýar. Çagany agalarynyň biri göterip, erkek kişileriň arasyna aýlaýar. Toýa gelen erkek adamlar onuň naşyja donunyň ýa-da kirliginiň jübüsine göwnünden çykaran gutluk pullaryny gysdyrýarlar, ýagşy arzuwlary edýärler. Galpak toýunda milli oýunlar oýnalýar, bagşy diňlenilýär. Toý şüweleňli geçirilýär. Daýy-daýzalar serpaýlanýar. Adatça, çaganyň saçyny syran daýysyna ak düwünçege gulpak, ýeňse çokul goýardylar. Çile saçy syrylan oglanjyga akgaýma tahýa, gyzjagaza gültahýa geýdirýärler. Çaganyň çile saçy bilen bagly ulanylan bu adatlar häzirki günlerde ýiteňkirläp barýar. Çile galpagy indi tutuşlygyna syrylýar. «Çile saçy bagt getirýär» diýen yrym bilen çaganyň gulpagyndan bir bölejik alnyp, ol elbukjada, sandykda saklanýar, galan bölegi bolsa miweli agajyň aşagynda gömülýär. Çile saçy syrylan çaga bagtly bolsun, yzyna jigi tirkesin diýen ýaly ýagşy niýetler bilen edilýän arzuwlara türkmen halky aýratyn ähmiýet berýär. Şular ýaly yrym-ynançlarymyz, dessurdyr adatlarymyz türkmeniň geçmişinden geljegine ýörelge mekdebidir. salnyp, köýnek sowgat edilýär.
Öňler çaganyň çile saçyny syranlarynda, oglanlara galpak, gyzjagazlara bolsa alyn çokul, iki gulpak, ýeňse çokul goýardylar. Çile saçy syrylan oglanjyga akgaýma tahýa, gyzjagaza gültahýa geýdirýärler. Çaganyň çile saçy bilen bagly ulanylan bu adatlar häzirki günlerde ýiteňkirläp barýar. Çile galpagy indi tutuşlygyna syrylýar. «Çile saçy bagt getirýär» diýen yrym bilen çaganyň gulpagyndan bir bölejik alnyp, ol elbukjada, sandykda saklanýar, galan bölegi bolsa miweli agajyň aşagynda gömülýär. Çile saçy syrylan çaga bagtly bolsun, yzyna jigi tirkesin diýen ýaly ýagşy
niýetler bilen edilýän arzuwlara türkmen halky aýratyn ähmiýet berýär. Şular ýaly yrym-ynançlarymyz, dessurdyr adatlarymyz türkmeniň geçmişinden geljegine
ýörelge mekdebidir.
Welaýatlarymyzyň käbir etraplarynda bolsa çaganyň yzyndan çaga dogulýança, onuň saçy syrylmandyr. Çile saçy syrylandan soň, syrylan saçlar oglanjyklaryň kürtekçesine dakylypdyr. Şeýle ynançlaryň yzlaryny welaýat muzeýlerimizde saklanýan çaga egin-eşiklerinde görüp bolýar.