Biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz halkymyzyň erk-islegi, köp asyrlyk arzuw-umytlary bilen guruldy. Türkmenistan döwleti dünýewi, demokratik döwletdir.
Sözümiň başynda aýdyşym ýaly, şu günlerde eliňizdäki kitabymy halkyma, ähli okyjylaryma peşgeş bermegim häzirki pursatlarda bu babatda özümde duýýan jogapkärçiligim, aňymda hem ýüregimde oturan pikir-duýgularymy size ýetirmegi wajyp bilendigim bilen bagly. Şunda men öz halkymyň ogludygyma, öz halkymyň ynanjyny, arzuw-isleglerini ähli zatdan belentde tutýandygyma, sözümi öz halkymyň guran döwletine Baştutan bolan adam hökmünde aýdýandygyma dogry düşünýärin. Munuň özi halkymyň belent ynamyna eýe bolup, berkarar döwletimiziň Prezidenti wezipesini ýerine ýetirýärkäm, elbetde, ähli meselede şeýle bolupdy we şonuň bilen birlikde, dinimiz, däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgämiz hakynda söhbet açýan şu kitabymda-da şeýledir. Hakyky adam, Hakyň söýen ynsany nähili bolmaly? Ynsan Zeminde peýda bolaly bäri munuň jogaby gözlenilýär. Meniň şeýle diýesim gelýär: hakyky ynsan Hakyň söýen ynsanydyr. Ol özüne erk edýändir. Zyna edýän däldir. Sözünde tapylýandyr. Amanada kast edýän däldir. Boş we peýdasyz zatlardan ýüz öwürýändir. Sabyr edýändir. Şükürlidir. Tobalydyr. Hiç wagt öte geçýän däldir. Gahar-gazaba berilýän däldir. Adamlary bagyşlaýandyr. Gysgançlyk etmez, emma isrip hem etmez. Özüni gowulyga tutýandyr, ýamanlygy terk edendir. Gybat etmez. Agyr söz urmaz. Görmedigine ynanmaz...
Aýtsaň, aýdyp oturmaly. Şeýle tämiz görelde, gyşarnyksyz ýörelge, beýik parasat müňýyllyklaryň jümmüşlerinden gelýändir, diniň, ýol-ýörelgäniň hem özenine siňendir, Magtymguly ýaly beýik akyldarlaryň eserlerinde hem aýdyň şöhlelenýändir. Hut şolar hem häzirki günlerimiziň görüm-göreldesini, edep-terbiýesini, ýol-ýörelgesini, päkize ahlagyny düzýändir, ähli gowy işlerimiziň esasynda durandyr.
Şu ýerde men gadymyýetden gelýän parasatly sözüň biziň günlerimizde hem hiç ähmiýetini ýitirmändigine, gaýtam, ýaşaýşa çelgi bolup lowurdap durandygyna käbir mysallary getireýin. Gadymy Oguz-Orhon ýazgylarynda duş gelýän «Göge tüýkürseň, ýüzüňe düşer» diýen nakylyň manysyny tirip görüň!...