Sünnet toýy çaganyň ulularyň hataryna goşulýandygyny aňladyp gelýär. Bu toý asyrlarboýy halkymyzyň örän gowy görýän we has giňden tutup gelen toýlarynyň biridir.
Oglan çagany sünnet etmek pygamberimiziň tabşyrygy saýylýar. Ýöne dinimizde munuň üçin ýörite toýdur sadaka bermek barada buýruk ýokdur. Türkmenlerde oglanlar täk ýaşyndaka – üç ýa bäş ýaşyndaka sünnetledilip, sünnet toýy tutulýar. Halk arasynda çaganyň sünnet edilmegine «çaganyň elini halallatmak», «ulularyň hataryna goşmak» hem diýilýär. «Elini halallatmagyň» manysy şundan ybarat: biziň halkymyzda sünnet edilen oglan indi towuk ýa başga mal-gara öldürmäge haklydyr, şuňa çenli onuň muňa haky ýokdur. Musulmançylygyň esasy parzlarynyň biri bolan sünnet türkmen maşgalalarynda uly ähmiýete eýe bolup, ol arassaçylygy, halallygy özünde jemleýär. Her bir musulmanyň çaga doglanda oňa ýagşy at dakmak, oglany täk ýaşynda sünnetletmek, perzent kämillik ýaşyna ýetende, ony gözli-başly etmek ýaly möhüm borçlary bardyr. Gadymdan gelýän bu adata uýulmagy tötänden däldir. Ol türkmen halkynyň bütin taryhy ösüşiniň dowamynda gyşarnyksyz berjaý edilip gelnipdir.
Sünnet parzynyň berjaý edilmegi inçe ýollary we yrymlary özünde jemleýär. Çagany sünnet etmek üçin, ýylyň ýaz we güýz pasly amatly hasaplanylýar, aýratyn sähetli günler saýlanyp alnyp, çaga sünnete ýatyrylýar. Bu dabaranyň şowhunyny has-da artdyrmak üçin, sünnet ediljek oglanjygy daýysynyň alyp gaçmagy, tä oglanjygyň enesiniň, ejesiniň ýa-da kakasynyň: «Getir oglumyzy, daýy paýyňy bereli!» diýip, sowgat berýänçä, ony gizlemegi ýaly däpler hem bardyr. Türkmençilikde sünnet etmek wezipesi çem gelene ynanylmandyr, bu sogaply işi agzy dogaly, namazly-täretli adamlar berjaý edipdirler. Olara halk arasynda «ussa» hem diýilýär. Ussalar çagajygyň ünsüni sowmak üçin, gyzykly gürrüňler, rowaýatlar aýdyp berip, ony güýmeýärler we «men bu gün seni sünnet etjek däl, ýöne sypalap gitjek, sünneti ertir gelip ederin» diýen ýaly sözler bilen çagajygy köşeşdirýärler, rahatlandyrýarlar. Çagada gorky galmasyn, onuň endamy düýrügip, gatap, gany köp gitmesin diýen niýetler bilen şeýdilýändir. Sünnetlenen çagany bir hepdeläp ýyljak öýde göz astynda saklaýarlar. Häzirki döwürde bu parzy ýörite lukmanlar ýerine ýetirýärler.
Käbir çagalar dogabitdi sünnetli dogulýar. Oňa «şyhsünnet», «pygambersünnet» hem diýilýär. Bu ýagdaý olara dakylan atlardan hem bellidir. Sünnetli doglan çagalar sünnet edilmän, yrym üçin ýöne päki degrilýär-de, sünnet toýy tutulýar.
Sünnet edilen oglanjygy mübärekleýärler. Oňa: «Tüweleme, uly adam bolupsyň, gutly bolsun!», «Är ýigit çykypsyň, mert oglanlaryň hatarynda bol!» diýen ýaly gutlag sözleri aýdylyp, puldur beýleki sowgatlar berilýär.