GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY KITABYNDAN

     Durmuş gurmak we nikalaşmak barada Muhammet pygamberimiziň şu hadysy aýdylýar: «Nika meniň ýolumdyr, her kim bu ýoldan dänse (durmuş gurman, ýeke ýaşasa) menden däldir».

     Türkmençilikde gelen gelne, ilki bilen, iki tarapyň razylygy esasynda nika gyýdyrylýar. Nikany, adatça, ir säherde ýa-da gün ýaşyp, il aýagy ýygnanandan soň gyýdyrýarlar. Nika gyýmak üçin ýörite kazy ýa-da molla çagyrylýar. Mollanyň ýanynda iki sany şaýady, pyýadakazysy we ýigidiň hossarlary bolýar. Türkmen:

     «Düýe malym – dünýe malym» diýip, düýäniň özüni-de, ýüňüni-de mukaddes saýýar. Şoňa görä, nika gyýylmazdan öňürti öýlenýän ýigidiň egnindäki toý köýneginiň jübüsine, gyzyň ketenisiniň art etegine, çabydynyň jübüsine düýe ýüňi çatylýar. Täze we syrçasy synmadyk jamda süýjülik suwy taýýarlanyp, üstüne-de ak ýaglyk ýapylyp, nika gyýylýan öýde goýulýar. Nika gyýmak dessuryna eli gaýçyly dört sany zenan maşgala hem gatnaşýar. Gaýçylaryň şarkyldaýan sesleri göze görünmeýän ýaramaz güýçleri yza serpikdirýär, düwlen düwünleri kesýär diýen yrym-ynanç bar. Eli gaýçyly aýallar arasyna düýe ýüňi gysdyrylan gaýçylaryny yzyny üzmän şarkyldadýarlar. Täze gelniň saçbagynda, boýnuna, eline dakylan alajalarynda düwün bar bolsa, ony hökman çözdürýärler.

     Nika gyýmak dessury geçirilýän pursadynda täze, syrçasy synmadyk gabyň ulanylmalydygy, düwünleriň çözülmelidigi, elleriň barmaklaryny biri-biriniň içinden geçirip, çilşirip oturmaly däldigi, köwüşleriň agdarylyp durmaly däldigi ýaş çatynjalar «bagly» bolmasyn, olaryň arasyna düwün düşmesin, düşünişmezlik, öýke-kine bolmasyn diýen ýaly ýagşy niýetleri aňladýar. Nika gyýmagyň hökmany dessurlary berjaý edilenden soň, pyýadakazylar ýigidiňem, gyzyňam ilki özüniň, soňra kakasynyň adyny, soňra nika gyýylmagyna razylyklaryny öz dillerinden eşidip, olaryň nikasyny doga okap berkidýärler. Şol doga yssylyk (mähribanlyk) dogasy diýilýär. Nika gyýýan kazy, molla üçin ýigidiň we gyzyň razylygyny diňe dil üstünden almak ýeterlikdir. Adata görä, nika gyýlanda, ähli güwälikler dilden berilýär we kazy hiç hili ýazgy geçirmeýär. Kazy ýa-da molla nikany hökman iki sany pyýadakazynyň gatnaşmagynda gyýýar. Şol pyýadakazylaryň biri gyzyň, beýlekisi ýigidiň tarapynda durýar. Kazy ýaş çatynjalardan: «Gyz (ýa-da ýigit) wekilçiligini kime berýär?» diýip, töwerekdäkiler eşider ýaly edip soraýar. Gyz (ýigit) wekilçiligi pyýadakazylaryň birine berip bilýär ýa-da özüniň ynanýan adamsyny wekil bellemeklerini soraýar. Kazy, wekil bolmaly diýlip ady tutulan adamdan nika gyýmak dessuryna gatnaşmak üçin razyçylygyny alandan soň, ony pyýadakazy diýip yglan edýär.

     Nika gyýlandan soň, pyýadakazy ýigit bilen gelne ýörite taýýarlanylan, içine gant, nabat we kümüş atylan süýjülik suwundan içirýär. Halk arasyndaky nika gyýmaklygy gizlin geçirmek däbi muny ýaramaz ruhlaryň, erbet niýetli adamlaryň duýmazlygy üçindir. Nika gyýany üçin, ýigidiň hossarlary molla, kaza ak ýa-da ýelýyrtan ýaglyk, ýagny el aklygy, arasyna jüp çörek, nogul-nabat düwüp berýärler. Pyýadakazylaryň birine süýjülik suwly tabagyň üstüne ýapylan ak ýaglyga, beýlekisine bolsa başga bir ýaglyga düwlen aklyk berilýär. «Bize-de şeýle toý nesip etsin!», «Çatynjalar süýji durmuşda ýaşasynlar!» diýen yrym, ýagşy arzuw-niýet bilen nika suwundan dadylýar we ol iň soňky damjasyna çenli toýuň märekesine paýlanylýar.

Meňzeş habarlar