GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY KITABYNDAN

     Ýaňy tamdyrdan çykan çöregiň ýakymy düýbünden başgadyr. Gyzgynjak çöregiň ysy, gaýtalanmajak tagamy ony ýekeje gezek dadyp gören adamyň hiç haçan ýadyndan çykmaz. Edil häzir, bu barada aýdyp otyrkam, ýaňy tamdyrdan çykan çöregi suwa basyp iýen çagalygym ýadyma düşüp, täsin bir ahwalaty başdan geçirýärin. Ýeri gelende, ýene-de bir ýakymly ýagdaýa ünsüňizi çekmek isleýärin. Men bu barada welaýatlarymyza iş saparlarym wagtynda topraga bagry badaşan daýhanlarymyz bilen duşuşanymda hem aýdypdym. Oruma gelen, altyn öwüsýän bugdaýly meýdanyň gözelligini säher bilen synlap gördüňizmi? Bu gözelligi synlanlar maňa düşünerler. Daň säherler bugdaýly meýdanlaryň gyrasyndan barsa, daýhan-a alyn derini siňdirip, ýere eden yhlasynyň netijesinden lezzet alýar, döredijilik bilen meşgullanýan adamyň bolsa zehini joşýar, pikirleri tämizlenýär. Şeýdip, ajaýyp eserleriň döremegine gönezlik emele gelýär. Bu döredýän adamlaryň hemmesi babatda-da şeýledir diýip pikir edýärin.

     Şu ýerde «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?!» diýen nakyla ünsüňizi çekmek isleýärin. Muňa bugdaý diläp gelene bugdaý bermeseňem, ýagşy sözi aýdyp, göwnüni awlap goýbermeli diýlip düşünilse, ýöntem bolýar. Bu nakylyň örän çuň manysy bar. Ol, ilkinji nobatda, adamlar bilen ähli gatnaşyklarda mylakatly bolmagy, ýagşy sözli bolmagy ündeýär. Aslynda, adamlar barada gowy pikirde, gowy niýetde bolmak, gör, nähili ajaýyp! Men muny maksada ýetmegiň bir ýoly hasaplaýaryn.

     Adam gowy zatlar hakynda pikir etse, şolara ýetmek ugrunda alada etse, hökman menziline ýetýär diýip ynanýaryn. Elbetde, adamyň niýetine görä ykbalynyň bolmazlygy hem mümkindir. Bu barada Magtymguly ýaly akyldarlarymyz hem aýdyp geçipdir. Munuň şeýle bolmagyna köp ýagdaýlar täsir edýändir. Geçen çylşyrymly we agyr döwürlerden muňa näçe diýseň mysal getirmek bolardy. Ol wagtlar hatda tutuş halkyň ykbaly sorag astynda galýardy. Ýöne bir zada üns beriň: şol kyn döwürlerde-de halkymyz gowy günler, erkana durmuş, döwletlilik baradaky arzuw-umytlaryny syndyrman ýaşapdyrlar.

     Biziň bu günki Garaşsyz döwletimiziň gurulmagy hut şonuň netijesidir. Diýmek, halkymyzyň telim asyrlyk arzuw-hyýallary, gowy pikir-niýetleri maksada ýetmegiň ýoly bolupdyr. Hut şol ýol türkmeni bu günki berkarar döwletine, erkana hem bagtly durmuşyna ýetirdi. Ata-babalarymyz: «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýipdirler, ýagşy niýet etmek – maksada ýetmegiň ýarysy, galany, elbetde, soňky gowy hereketleriňe, yhlasyňa baglydyr.

Meňzeş habarlar