Türkmençilikde beren sözüňde tapylmak, ejizi goldamak, ylymly adamlara hormat goýmak, akyldarlaryň pendini almak ýaly ýörelgeler jemgyýetiň kämilleşmegine itergi berýändir. Çünki adam beren sözünde durmak üçin jan edýär. Çyn maksat tutunan adam ýadawlyk duýmaýar, güýjüniň pesdigi barada pikir hem etmeýär. Häzirki döwürde käbir adamlar üçin mümkin däl bolup görnen zadyň, şony tüýs ýürekden isleseň, onuň mümkin bolup biljekdigine ynanmagy üçin köp wagt gerek hem bolmaýar. «Mümkin dällikler» çyndan yhlas edilende, hakykatdanam durmuşa geçýär.
Ilçilikde: «Men diňe gören zadyma ynanýaryn» – diýýän adamlar hem duş gelýär. Ýöne bu örän çylşyrymly mesele. Käteler hakykaty aňmaga gören zadyň ýeterlik, käteler bolsa asla ýeterlik bolmaýar. Men, köplenç, umumy netijä salgylanmagy dogry hasap edýärin. Ýöne netije babatdaky garaýyş hem dürli bolup biler. Şolar ýaly ýerde ähli mesele ynsaba laýyklap çözülýär. Ynsaply adamlar jemgyýetiň ahlak keşbiniň özenidir diýilse, has dogry bolar. «Dünýäniň çarhy ýagşylyk edýän adamlaryň gerdeninde aýlanýar» diýlen pikiriň manysy belli-belli şahsyýetleriň mysalynda açylýar. Baýram han Türkmen, onuň durmuşy we gatnaşykda bolan adamlary barada okanymda, men şu barasynda oýlanýaryn. Baýram han Türkmeniň ogly, Hanlar hany Abdyrahym han hem döwrüniň beýik şahsyýetlerinden bolupdyr. Ol kakasy ýaly döwlet işgäri, şahyr, filosof hökmünde tanalypdyr. «Gül, sen nädip, öz içiňden açylyp bilýäň?», «Gül öz içinden açylýar, şonuň üçin hem gül owadan, gül näzik, gül ýakymly bolýar» diýen ýaly ajaýyp pikirler ýa-da «Derýalar öz suwuny özi içenok, miweli agaçlar hem miwesini özi iýenok» diýen ýaly täsin galdyryjy filosofik pikirler Abdyrahym hana degişli bolupdyr.
Abdyrahym han alan asylly terbiýesine laýyk, asly halal, päk ahlakly, sypaýy, şahandaz adam eken. Şol döwürlerde Delide örän baý zenan maşgala bolupdyr.
Günleriň birinde ol Abdyrahym hana şeýle mazmunly çakylyk ugradypdyr: «Siziň alyhezretleriňiz, şu gün agşam üýşmeleňimiz bar. Eger siz gelseňiz, gaty hoşal bolardyk». Abdyrahym han diýlen wagtda ýaňky öýe çakylyga ugraýar. Baryp görse, aýalyň öýünde özünden başga diňe öýdeniçerleri barmyşyn. Onuň maksadynyň only däldigini duýup, han yzyna gaýdypdyr. Zenan maşgalanyň mertebesiniň onuň wepalylygynda hem namys- lylygyndadygyny bilensoň, ol hiç haçan bu düşünjä ikilik etjek adam däldi. «Abdyrahym han hiç haçan hem ynsabyna ikilik edip bilmez» diýip, bu waka hakyndaky ýazylanlarda bellenilýär.