Öz-özünden döreýän hiç bir zat ýok. Täze bir zadyň ýüze çykmagy, täze bir wakanyň peýda bolmagy üçin sebäp gerek, esas gerek. Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar, beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler. Gerdişinde gadymyýetiň aýanu-syrly habarlaryny saklaýan mukaddes topragymyzda daş-töweregiň gözelliklerini synlaýan mahalym, çuňňur oý-pikirlere hemra bolýaryn. Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin. Şonda adamzat taryhyndaky iň gadymy medeni ojaklaryň hut şu topraklarda döräp, soňra töwereklere, sebitlere, dünýä ýaýrandygy hakyndaky hakykata buýsanýaryn. Dogrudanam, taryh şu ýerden başlanýar. Taryh şu ýerde dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda juda ýerlikli belleýşi ýaly: «Täze taryhyň daňy şu ýerde atar. Taryhyň zaňy şu ýerde kakylar. Taryhyň ýaňy şu ýerden ýaýylar».
Eziz halkymyzyň ykbaly beýiklikler bilen baglanyşýar, ajaýyplyklar bilen sazlaşýar. Ýagşy zadyň gürrüňini etmek ýagşy täsirleri oýarýar. Milli buýsanjymyzyň bir çesmesi bolan şan-şöhratly taryhymyz hakda söz açmak hemişe-de gyzykly. Hemişe-de gerekli.
2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taryhy mesgenlerimiz hem-de halky beýgeldýän eserlerimiz barada söhbet etmek has-da ähmiýetli. Çünki berkarar döwletimiziň üstünliklere beslenýän her bir güni taryhyň altyn sahypalaryna öwrülip, barha görklenýän göwherler kimin hakydalarda orun alýar. Hakyda göwherleri milli buýsanjymyzyň, arassa ygtykat-ynanjymyzyň, şeýle hem geljege bolan ynamymyzyň mizemez binýadydyr.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«HAKYDA GÖWHERI» ATLY KITABYNDAN