Änew medeniýeti Köpetdagyň demirgazyk eteklerinde biziň eýýamymyzdan öňki bäşinji müňýyllykda peýda bolupdyr. Bu sebit şol döwürlerde bol suwly hemde hasylly toprakly mekan bolupdyr. Hut şu ýerde Gäwers bilen Gökdepäniň aralygynda Merkezi Aziýanyň iň gadymy ekerançylary diýlip hasaplanýan türkmen halkynyň ata-babalary bugdaý, arpa ýaly däneli ekinleri ilkinji bolup, ýetişdirip başlapdyrlar. Änewiň gadymy depelerinde meşhur amerikaly arheolog Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygynda geçirilen gazuw-barlag işleriniň dowamynda ak bugdaýyň däneleri ýüze çykaryldy. Şol sebäpden biz Änew şäherinde Ak bugdaý muzeýini gurupdyk. Biz bu topragyň ak bugdaýyň mekanydygyna buýsanmaga haklydyrys.
Şol döwrüň küýzegärleriniň ýasan keramiki gaplarynyň ýüzi nepis nagyşlar bilen bezelipdir. Ol nagyşlar häzirki zaman türkmen halylarynyň nagyşlaryna kybapdaşdyr. Gadymy Änew medeniýeti dünýä ýaň salan medeniýetdir. Hut şol medeniýetiň binýadynda müňýyllyklar geçenden soň, Altyndepe we Marguş ýaly gadymy siwilizasiýalar döräpdir. Alymlar bu swilizasiýalaryň maddy medeniýetinde Änew medeniýetiniň dowamatyny görýärler.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«HAKYDA GÖWHERI» ATLY KITABYNDAN