Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň, etrap Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Bereket etrabynyň umumybilim berýän 17-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda Täze ýyl baýramçylygynyň golaýlaşmagy sebäpli partlaýjy maddalary ulanmagyň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler Täze ýyl baýramçylygyny dabaraly garşy almak, baýramçylygyň bellenilýän günlerinde ýaş nesilleriň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak barada giňişleýin gürrüň edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda watansöýüji, ýokary ahlakly, ylymly-bilimli nesliň kemala gelmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülälek ÝAGŞYMYRADOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Bereket etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.