TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň, şeýle-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Gyzylarbat etrap medeniýet öýünde Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Alym Arkadagymyzyň bu kitabynda biziň şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Çykyş edenler kitapda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly maglumatlaryň ýerleşdirilendigini aýratyn bellediler.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda milli ýol-ýörelgeleriň dabaralanmagy, gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

Gülruh NAZAROWA,

TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 50 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 37 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 38 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI