TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, şeýle hem welaýatyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde guramagynda Balkan welaýat lukmançylyk orta hünär mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar barada edilýän uly aladalar, ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynda partlaýjy maddalardan daşda durmak, zyýanly serişdeleri ulanmazlyk barada giňişleýin gürrüň etdiler.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň, ählumumy parahatçylygyň hem-de ösüşiň bähbidine gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Oguljeren ÇENDIROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 55 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 52 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 37 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT