AK ARZUWLY TÄZE ÝYL

     Ýakynda Täze ýyl baýramy mynasybetli Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň “Şamekan” otelinde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň işgärleri, şeýle-de Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

     Dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet bölüminiň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymdyr tanslary dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirler galdyrdy.

     Çäräniň ahyrynda, oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle-de bütin türkmen halkymyzy Täze ýyl bilen gutlap, bizi şeýle eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Aýperi ATAHALLYÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 34 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 31 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 31 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI