Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda täze 2025-nji ýyly mynasyp garşy almak maksady bilen etrap medeniýet merkeziniň tomaşaçylar zalynda etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren çykyşlary, aýratyn hem küştdepdi tanslary hemmäniň ýüzüne şatlyk paýlady. Küştdepdi – ýaşlyk joşgunynyň, çalt we çeýe hereketiň tansy. Şonuň üçin köplenç ýaş oglandyr gyzlarymyz tarapyndan ýerine ýetirilýär. Dabaranyň dowamynda gatnaşyjylaryň hem küştdepdi tansyna goşulmagy diýseň täsirli boldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyza eşretli ýaşaýyşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Abat MÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.