Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň, etrabyň 20-nji çagalar bakja-bagynyň bilelikde guramagynda, körpeleriň medeniýete, sungata, ene topraga bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen körpeleriň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda körpeleriň taýýarlan sahnalaryna, aýdym-sazlaryna we tanslaryna uly orun berildi. Çärä gatnaşanlar bagtyýar çagalara döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
Güljahan GARAÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.