Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi şäher medeniýet bölümi bilelikde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän «Suw ulagynyň ulanylyşy» kafedrasynda Täze ýyl baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, «Ülkämize hoş gelipsiň Täze ýyl» atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi.
Dabarada medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri, bagtyýar ýaşlygy, Täze ýyly wasp edýän şirin owazly aýdym-sazlar ýaňlandy.
Dabarynyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şeýle-de bütin türkmen halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutlap, bizi şeýle eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Annagül BEGNAZAROWA,
TMÝG-nyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
uly buhgalteri.