GYZ EDEBI – IL EDEBI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň Bereket etrap polisiýa bölümi we beýleki etrap jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Bereket etrabynyň umumybilim berýän 20-nji orta mekdebinde okuwçylarynyň arasynda edep-terbiýe ruhy ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek maksady bilen «Gyz edebi – il edebi» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda watansöýüji, adamkärçilikli, ylymly-bilimli nesliň kemala gelmegi babatda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Gülälek ÝAGŞYMYRADOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Bereket etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI