Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Esenguly etrap medeniýet merkeziniň öňündäki baş arça meýdançasynda «Şatlyk bilen gel Täze ýyl» ady bilen, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabarada şadyýanja körpeleriň aýdymdyr-goşgulary, ertekiler dünýäsiniň baş gahrymanlarynyň eden çykyşlary, şeýle-de «Hazar nagmalar» folklor tans toparynyň ýerine ýetiren dürli görnüşdäki tanslary baýramçylyk joşgunyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Çagalar bagyna gatnaýan körpejeleriň ýürek buýsançlary alys menzillerden aşyp gelen Aýazbabadyr agtyjagy Garpamygy haýrana galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýetip gelýän täze 2025-nji ýylyň rysgally, bereketli, ýyllaryň biri bolmagyny arzuw edip, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimize adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Abat MÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Esenguly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.